Login

usercockpit

Dostluk üçin futbol

"Dostluk üçin futbol"durmuş-hojalyk maksatnamasy "Gazprom - çagalara" global durmuş-hojalyk maksatnamasynyň çäklerinde, FIFA-nyň we 2018 futbol boýunça dünýä bäsleşigiň resmi hyzmatdaşy "Gazprom" APJ tarapyndan durmuşa geçirilýär.

"Dostluk üçin futbol" maksatnamasy çagalar futboly ösdürmek, ýaşlar sporty we sagdyn ýaşaýyş usuly ýaýratmak, başga dünýägaraýyş babatynda sabyrlylygy terbiýeläp, dürli ýurtlardan bolan çagalaryň arasyndaky dostlugy öňe sürmek üçin niýetlenendir. Maksatnamanyň esasy gymmatlyklary: dostluk, deňlik, adalat, saglyk, parahatçylyk, wepalylyk, ýeňiş, däp-dessur we wyždandyr. Maksatnama her ýyl öňde baryjy global we milli HBS-den, jemgyýetçilik guramalardan, meşhur artistlerden we futbol ýyldyzlardan gitdigiçe artýan ýardam tapýar. Dünýä boýunça 400 000-den gowrak adam maksatnamanyň pikirdeşi bolup durýar.

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan 12 ýaşly zehinli futbol oýunçylaryň öşýän "Dostluk üçin futbol" halkara çagalar gurultaýy maksatnamanyň esasy çäresi bolup durýar. Aralarynda mümkinçilikleri çäklendirilen çagalar hem bolan futbol oýnap bilýän oglanjyklar we gyzjagazlar maksatnamany durmuşa geçirmekligiň çäklerinde esasy umumy adamzat gymmatlyklaryny işjeň ýagdaýda öňe sürýärler. "Dostluk üçin futbol" maksatnamasy ýaş ambassadorlara maksatnamanyň gymmatlyklaryny ähli dünýä boýunça netijeli öňe sürmekligiň formatlaryny öwretmegiň global meýdançasy hökmünde işjeň ýagdaýda ösdürilýär.

2017-nji ýylda maksatnama Ýewropanyň, Aziýanyň, Afrikanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň 64 ýurdundan bolan ýaş futbolçylar gatnaşýar: Azerbaýjan, Alžir, Argentina, Ermenistan, Bangladeş, Belorussiýa, Belgiýa, Bolgariýa, Boliwiýa, Braziliýa, Beýik Britaniýa, Wengriýa, Wenesuela, Wýetnam, Gana, Germaniýa, Gresiýa, Daniýa, Müsür, Hindistan, Yrak, Eýran, Islandiýa, Ispaniýa, Italiýa, Gazagstan, Gyrgyzstan, Hytaý, Koreýa, Latwiýa, Liwiýa, Litwa, Makedoniýa, Meksika, Mozambik, Niderlandlar, Norwegiýa, Päkistan, Polşa, Portugaliýa, Russiýa, Rumyniýa, Serbiýa, Slowakiýa, Siriýa, ABŞ, Täjigistan, Tanzaniýa, Taýwan, Türkmenistan, Türkiýe, Ukraina, Urugwaý, Özbegstan, Finlýandiýa, Fransiýa, Horwatiýa, Çehiýa, Şweýsariýa, Estoniýa, Ýaponiýa, GAR.

Maksatnamanyň 16-njy martda resmi açylşyna gabat getirilen açyk bijäniň çäklerinde, 64 sany ýaş futbolçy tötän ýagdaýda 8 sany halkara garyşyk Dostluk Ýygyndylarynda birleşýär. Açyk bijeden soň, 64 döwletde, çäklerinde, milli derejede ýaş ambassadorlaryň seçip alynmasy amala aşyrylýan "Dostluk estafetasy" başlanýar. 

Bäşinji (ýubileý) "Dostluk üçin futbol" halkara çagalar gurultaýy Sankt-Peterburgda 2017-nji ýylyň 26-njy iýunyndan 3-nji iýulyna çenli döwürde bolup geçýär. Gurultaýyň myhmanlary ýaryşda birinji ýer üçin ýaryşjak 8 sany Dostluk Ýygyndylaryň arasyndaky "Dostluk üçin futbol" 2017 halkara bäsleşige gatnaşýarlar.

Gurultaýyň ähli çäreleri HBS-de giňden görkezilýär. Her ýyl Gurultaýa öňde baryjy neşirleriň professional žurnalistleri, şeýle hem ýaş ambassadorlaryň ýany bilen öz ýurtlaryndan ýaş žurnalistler gelýär. Maksatnamanyň çäklerinde, ýaş žurnalistler üçin, wezipesi ýerli we global derejelerde maksatnamanyň ähli işjeň hereketlerini görkezmek bolup duran, Halkara çagalar metbugat merkezi gurnaldy.

Gurultaý gatnaşyjylaryň FIFA-nyň Konfederasiýalarynyň Kubogynyň finaly 2017 barmagy bilen tamamlanýar.

2014-nji ýyldan başlap, "Dostluk üçin futbol" maksatnamasynyň çäklerinde her ýyl 25-nji aprelde Futbolyň we dostlugyň halkara güni bellenip geçilýär. Şol gün maksatnama gatnaşýan ähli döwletler, maksatnamanyň resmi nyşany bolan, başga dünýägaraýyş babatynda sabyrlylygyň, deňligiň we sagdyn ýaşaýyş usulyň nyşany bolan Dostluk bilezikleri alyşma bilen başlanýan dostluk matçlary geçirýär. Futbolyň we dostlugyň halkara gününi ähli meşhur türgenler, medeniýet işgärleri, žurnalistler we hökümet wekilleri goldaýar.

Gurultaýyň çäklerinde "Dokuz gymmatlyklaryň" kubogy diýen ýörite baýrak gowşurylýar. Kubok professional futbol klublaryň içinde, jemgyýetiň bagty üçin durmuşa geçirilen haýyr-sogap edijilik, durmuş-hojalyk başlangyçlar we başga-da taslamalar arkaly "Dostluk üçin futbol" maksatnamasynyň dokuz gymmatlyklaryna has hyjuwly eýerýänligini görkezýän kluba berilýär. "Dokuz gymmatlyklaryň" kubogynyň ajaýyplygy, ýeňiji "Dostluk üçin futbol" maksatnamasynyň gatnaşyjylary bolan çagalar tarapyndan saýlanýanlygyndadyr.

 

Maksatnamanyň taryhy

 
Birinji Gurultaý 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Londonda bolup, ýewropa ýurtlaryň 8-den bolan (Bolgariýa, Beýik Britaniýa, Wengriýa, Germaniýa, Gresiýa, Russiýa, Serbiýa we Sloweniýa) ýaş türgenleri ýygnady. Gurultaýa gatnaşyjylar, onda maksatnamanyň esasy gymmatlyklary beýan edilen açyk haty taýýarladylar: dostluk, deňlik, adalat, saglyk, parahatçylyk, wepalylyk, eňiş we däp-dessurlar. Onda ýurtlaryň wekilleri we maksatnamanyň global ilçisi Frans Bekkenbauer tarapyndan gol goýulan hat soňra halkara sport guramalaryň ýolbaşçylaryna iberildi.

Ikinji Gurultaý 16 ýurtdan bolan ýaş futbolçylary ýygnap, öz geografiýasyny iki esse ulaltdy: Belorassiýa, Bolgariýa, Beýik Britaniýa, Wengriýa, Germaniýa, Italiýa, Niderlandlar, Polşa, Portugaliýa, Russiýa, Serbiýa, Sloweniýa, Türkiýe, Ukraina, Fransiýa we Horwatiýa. Gurultaý 2014-nji ýylyň 23-den 25-ne çenli döwürde Lissabonda geçirilip, "Dostluk üçin futbol" halkara hereketiň baştutanynyň saýlanmagy bilen tamamlandy. Gurultaýa çagyrylan sportsmenleriň ählisiniň gatnaşan ses bermesiniň netijesine görä, hereketiň baştutany we geljek ýylda maksatnamanyň esasy gymmatlyklarynyň ýolbeledi portugaliýaly Filipe Suares boldy.

Gurultaýyň çäklerinde, ilkinji gezek, köçe futboly boýunça halkara ýaryş hem geçirildi. Ýaryşyň ýeňijisi Portugaliýanyň "Benfika" topary boldy, ikinji ýeri Serbiýanyň "Srwena zwezda" eýeledi, bu öňde baryjy üçligiň soňuny bolsa, Russiýanyň ýygyndy topary eýeledi.

2015-nji ýylyň iýun aýynyň 4-den 7-ne çenli döwürde Berlinde geçen üçünji Halkara çagalar gurultaýy Ýewropanyň we Aziýanyň 24 ýurdunyň wekillerini garşy aldy: Awstriýa, Belorussiýa, Belgiýa, Bolgariýa, Beýik Britaniýa, Wengriýa, Germaniýa, Ispaniýa, Italiýa, Gazagstan, Hytaý, Niderlandlar, Polşa, Russiýa, Serbiýa, Slowakiýa, Sloweniýa, Türkiýe, Ukraina, Fransiýa, Horwatiýa, Çehiýa, Şweýsariýa, Ýaponiýa. Aziýa ýurtlaryndan gelen gatnaşyjylar maksatnama dokuzynjy esasy gymmatlygy - wyždany girizdiler.

Berlinde geçen Gurultaýda ilkinji gezek ýörite baýrak -"Dokuz gymmatlygyň" kubogy gowşuryldy. Ýeňij FK "Barselona" boldy. FK "Barselona" ses beren çagalar, klubyň ýaşlar futbola ýardam etmek we ony öňsdürmek boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berip, FK "Barselonanyň" ösý.än ýurtlaryň ýaş futbolçylaryna edýän kömegini bellediler. 

Dördünji "Dostluk üçin futbol" halkara çagalar gurultaýy 2016-njy ýylyň maý aýynyň 26-dan 29-na çenli döwürde Milanda geçirildi. Gurultaýyň myhmanlary gatnaşyjy ýurtlaryň 32-den bolan toparlaryň arasynda geçirilen köçe futboly boýunça geçirilen Halkara ýaryşa gatnaşdylar, şeýle hem başga ýurtlardan gelen öz deňduşlary we dünýä futbolyň ýyldyzlary, olaryň arasynda maksatnamanyň global ilçisi Frans Bekkenbauer bilen hem gatnaşmaga mümkinçilik tapdylar. Gurultaýyň çäklerinde FK "Bawariýa" "Dokuz gymmatlygyň" kubogyny gowşurdylar. 2016-njy ýylda "Dostluk üçin futbol" halkara çagalar maksatnamasynyň dördünji döwrüniň çäklerinde "AL-WAHDA" topary hem "Dokuz gymmatlyklaryň" kubogynyň eýesi boldy. Kubogy gowşurma dabarasy Siriýanyň paýtagty Damaskda açyk ýagdaýda geçirilen "Üç gün urşsyz" dokumental filmiň öňgörmesinde geçirildi. "AL-WAHDA" futbol klubyna baýrak "Dostluk üçin futbol" maksatnamasynyň gymmatlyklaryna wepalylygy we ýeňişe bolan hyjuwy üçin berildi.

 

GLOBAL MEDIA PARTNER

GENERAL MEDIA PARTNER

SPECIAL LANGUAGE PARTNER

Local Media Partner 

This website uses cookies to enhance usage, for web analysis, advertising purposes and to integrate social media. You hereby give consent for this website or third-party suppliers to place cookies on your device. For more information please see our privacy policy