Login

usercockpit

Dostluk bilezigi 

Dostluk bilezigi – bu “Dostluk üçin futbol” maksatnamanyň resmi nyşany, başga dünýägaraýyş babatynda sabyrlylygyň, deňligiň we sagdyn ýaşaýyş usulyň nyşanydyr. Bilezik 2014-nji ýylda döredilip, gök we ýaşyl reňkli iki sany sapakdan ybarat.

Gök reňk dury, bulutsyz, hemmeler üçin bir we her kes üçin eziz, bolmalysy ýaly parahat we asuda asmany alamatlandyrýar. Ýaşyl bolsa, üýtgemeýän, dünýäniň islendik ýurdunda, ýaşyna, jynsyna we durmuş-hojalyk babatynda hukuk ýagdaýyna bagly bolmadyk ýagdaýda, hemmeler we her kes üçin elýeterli futbol meýdançanyň reňkidir.

“Dostluk üçin futbol” maksatnamasyna gatnaşyjylar her dostluk futbol matçlaryň we maksatnamanyň başga çäreleriniň başlamazyndan öň Bilezikleri alyşýarlar. Dostluk bilezigini daňma gatnaşyjylaryň dost bolup, maksatnamanyň, başga dünýägaraýyş babatynda sabyrlylyk we dürli ýurtlaryň wekilleriniň arasyndaky dostluk ýaly, essasy gymmatlyklaryny goldap saklamaklyga taýýarlygyny alamatlandyrýar.

Gatnaşyjy çagalar “Dostluk üçin futbol” hereketiň ilçileri hökmünde Dostluk bilezikleri medeniýetiň we sportyň meşhur işgärlerine, žurnalistlere we hökümet wekillerine hem berýärler. Şeýlelikde, Dostluk bilezigi maksatnamanyň gymmatlyklaryny öňe sürmekde we “Dostluk üçin futbol” hereketiň täze tarapdarlaryny çekmekde ýardam edýär. 

GLOBAL MEDIA PARTNER

GENERAL MEDIA PARTNER

SPECIAL LANGUAGE PARTNER

Local Media Partner 

This website uses cookies to enhance usage, for web analysis, advertising purposes and to integrate social media. You hereby give consent for this website or third-party suppliers to place cookies on your device. For more information please see our privacy policy