Login

usercockpit

Hormatly “Dostluk üçin futbol” maksatnamasyna gatnaşyjylar!

Çagalara we ýetginjeklere goldaw bermek – biziň kompaniýamyzyň durmuş-hojalyk maksatnamalarynyň iň uly we ähmiýetli bölegi bolup durýar. Biz ýaş nesile öz durmuş ýoluny saýlamagyň, ukyplaryny ösdürmegiň we siziň her biriňizde bolan güýji durmuşda ulanyp bilmegiňiziň, ýagdaý boldugyça, has kän mümkinçiliklerini bermek ugrunda çalyşaýarys.

Biz futboly ýaş türgenlere biri birine sabyrly bolmagy öwrenip, ony öz ýakyn garyndaşlaryna we dostlaryna öwretmäge kömek etmegiň usuly hökmünde saýladyk. Islendik tapawutlara garamazdan, umumy dil tapmak ukyby – toparlaýyn sportda-da, her bir biznesde-de ýeňişleriň girewidir.

Siziň birnäçeleriňiziň sporty öz esasy işi etmek kararyna gelendigine şübhe ýokdur. Emma haýsy wezipäni saýlan bosaňyz hem, hyzmatdaşlyk etmek başarnygy siziň wepaly ýaranyňyz bolar. Sporta we sagdyn ýaşaýyş usuluna höweslilik bolsa, size täze başlangyçlar üçin güýç berer.

Biziň maksatnamamyz size köp gowy duýgular we täze gyzykly dostlar getirer diýip umyt edýäris.


Alekseý Miller

GLOBAL MEDIA PARTNER

GENERAL MEDIA PARTNER

SPECIAL LANGUAGE PARTNER

Local Media Partner 

This website uses cookies to enhance usage, for web analysis, advertising purposes and to integrate social media. You hereby give consent for this website or third-party suppliers to place cookies on your device. For more information please see our privacy policy