Login

usercockpit

64 ýurdyň çagalary dostlugyň şanyna Futbol oýnadylar 

01.07.2017 Sankt-Peterburg. Sankt-Peterburgda PAO "Gazpromyň" halkara çagalar jemgyýetçilik programmasynyň "Dostluk üçin futbol" atly bäşinji möwsüminiň çäginde dostluk üçin futbol çempionaty geçirildi.

Çempionat öz baýdagynyň aşagynda ýaş futbolçylary - 64 ýurdyň programma wekillerini birleşdirdi . 12 ýaşly gyzjagazlar we oglanjyklar 8 sany halkara komanda ýygyndysyna birleşdirildi, taslamanyň öňki gatnaşyjylary bolsa tälimçileriň dostluk köprüsinde ýaş tälimçiler hökmünde boldular.

27-nji iýundan 29-njy iýuna çenli ýaş futbolçylar Dostluk Lagerinde ýaş tälimçileriň ýolbaşçylygy astynda boldular we meşhur futbolçylaryň gözegçiligi astynda türgenleşik komanda ýygyndylaryny geçdiler, ol bolsa öz gezeginde sportsmenlara futbol meýdançasynda aragatnyşygy sazlamana, komandanyň taktikasyny berkitmänä we biri-biri bilen oňat tanyşmana kömek etdi.

"Dostluk üçin futbol" halkara çagalar programmanyň bäşinji möwsüminiň futbolçylary komanda ýygyndylaryň düzüminde 1 iýulda ajaýyp gazonda duşuşyp öz mysaly bilen bütin dünýä dostlugyň jynsy, fiziki ukyby we tire-taýpa garamazdan mümkindigini tassykladylar. 

"Men bu ýeri örän halaýaryn, öň ilkinji gezek men oýunçy bolupdym, bu möwsümde men ýaş tälimçi hökmünde çykyş edýärin. Meniň täze wezipäm diýseň çylşyrymly, meniň komandamyň oýunçylary üçin görelde we lider bolmaly. Men gelejekde sportda işläsim gelýär, belki tälimçi hökmünde, emma meniň häzirki arzuwym - professional futbolçy bolmak", - diýip, öz duýgylary bilen ýekeje tälimçi gyz Emeke Hensen (16 ýaşynda, Gollandiýa) paýlaşdy.

Futbol ýaryşy başlamazdan öň Sankt-Peterburgyň kolýaskalardaky regbi komanda ýygyndysynyň Baş tälimçisi Wladimir Busygin iň wajyp adamçylyk gymmatlyklaryň şygarynyň astynda bije atyşygyny geçirdi.

 "Şeýle çempionatlar iň wajyp adamçylyk gymmatlyklary görkezmekde we ulularyň dünýä garaýyşlaryny üýtgetmekde çagalar üçin ajaýyp mümkinçilik. Olara seredip özümi ýadyma salýaryn: Çagalar bizi birleşdirýän futboly örän gowy görýärler" - diýip, Wladimir Busygin gürrüň berýär.

Olimpik sistemasy boýunça geçirilen bije atyşygyň netijesinde, birinji futbol çempionatda Dostlugyň sary komanda ýygyndysy Dostlugyň sian reňkli komanda ýygyndysy bilen, Dostlugyň gyzyl reňkli komanda ýygyndysy bolsa Dostlugyň narynç reňkli komanda ýygyndysy bilen oýnadylar.

Ak komanda ýygyndysy Ýaşyl komanda ýygyndysy bilen oýnady, benewşe reňkli futbolkaly çagalar bolsa gök reňkli komanda ýygyndysy bilen. Kiçiräk arakesmeden soň narynç reňkli we benewşe reňklileriň arasynda ýarym final we final geçirildi. Duşuşyk dostluk we deňlik şygary astynda geçirildi. Oýnuň soňunda Narynç reňkli komandanyň sportsmenleri 4:3 hasaby bilen ýeňiş gazandy we oýunçylar final jürlewükden soň biri-biri bilen dostlukly elleşdiler. 

PAO "Gazpromyň" "Dostluk üçin futbol" programmasynyň bäşinji möwsüminiň bäsleşik böleginiň iň ýokary derejesi hökmünde finaldaky oýunçylary sylaglama boldy. Kapitanlar biri-birlerini medallar, hormat hatlary we Russiýanyň Futbol Birleşiginiň ýörite baýraklary bilen sylagladylar.

"Dünýäniň dürli künjeginden gelen höwesli ýaş çagalara seretmek ýakymly. Dostluk üçin futbol çempionatynda dürli ýurtlardan gelen sportsmenler üç güniň dowamynda hakyky komandalara birleşdiler. Çagalar edil ulular ýaly baýrak üçin ýaryşdylar we meniň pikirimçe olara uly gelejek garaşýar" - diýip, Russiýanyň Fubol Birleşiginiň wise-prezidenti, Russiýanyň futbol Premýer-Ligasynyň prezidenti Sergeý Prýadkin belläp geçdi.

Final oýnuna gatnaşmadyk ýaş futbolçylar "Dostluk üçin futbol" programmanyň gymmatlykaryny goldap birnäçe dostlukly duşuşyklary geçirdiler. Ýaş sportsmenleriň jaňköýeri bolmak üçin müňden gowrak adam geldi, olaryň arasynda meşhur futbolçylar boldy, şol sanda Rus programmanyň wekili we Russiýanyň ýygyndy komandasynyň taryhyndaky iň gowy bombardir futbolçy Aleksandr Keržakow we milli komandanyň baş tälimçisi Stanislaw Çerçesow, köpçülikleýin sport informasiýa serişdeleriniň öňdebaryjy žurnalistleriň 200-den gowragy we dünýä futbol birleşikleriň wekilleri.

Yza

GLOBAL MEDIA PARTNER

GENERAL MEDIA PARTNER

SPECIAL LANGUAGE PARTNER

Local Media Partner 

This website uses cookies to enhance usage, for web analysis, advertising purposes and to integrate social media. You hereby give consent for this website or third-party suppliers to place cookies on your device. For more information please see our privacy policy