Login

usercockpit

Sankt-Peterburgda 64 döwletden bolan ýaş futbolçylaryň gatnaşmagy bilen Bäşinji “Dostluk üçin futbol” Halkara çagalar maslahaty geçirildi

03.07.2017. Sankt-Peterburg. Sankt-Peterburgda FIFA-nyň we Futbol boýunça dünýä çempionatynyň FIFA 2018™ resmi hyzmatdaşy PAO "Gazpromyň" jemgyýetçilik başlangyjynyň çäginde “Dostluk üçin futbol” Halkara çagalar maslahaty geçirildi. Bu çärede dünýäniň 64 ýurdundan gelen 1000 gowrak myhmanlar gatnaşdy - ýaş futbolçylar (gyzlar we oglanlar, şol sanda maýyplar), dünýäniň öňdebaryjy köpçülikleýin informasiýa serişdeleriniň žurnalistleri, futbol ýyldyzlary, Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryň çempionlary, FIFA-nyň legendar ýyldyzlary, FIFA-nyň, Russiýanyň Olimpiya Komitetiniň, halkara haýyr-sahawatly halkara çagalar gaznasynyň we futbol federasiýalaryň ýolbaşçylary. Parahatçylyk, deňlik we sagdyn ýaşaýyş programmanyň iň möhüm gymmatlyklary bolup durýar.

“Dostluk üçin futbol” programmasy Ýewropanyň, Aziýanyň, Afrikanyň, Günorta we Demirgazyk Afrikanyň wekillerini birleşdirip, bäşinji möwsümi täze formatda geçirdi. Möwsümiň başynda geçirilen bije atyşygyň netijesinde sekiz sany Halkara dostluk ýygyndy komandasy saýlandy. Komandalar möwsümiň final çärelerinde Sankt-Peterburgda futbol boýunça Halkara çempionatda duşuşdylar.

2017-nji ýylda ähli gatnaşyjy döwletlerde ýaş futbolçylary we ýaş žurnalistleri saýlamagy bilen bagly milli tapgyrlara ilkinji gezek dostluk estafeta başlangyjy berildi. Netijeleri we gatnaşyjylaryň atlaryny Halkara futbol we dostluk güni 25 aprelde yglan edildi, şonda adat boýunça programma gatnaşyjylara çagalaryň we ulularyň ýüz müňlerçesi goşuldy we baýram etmekligiň çäginde biri-birlerine programmanyň resmi nyşany bolan Dostluk bilezigini daňdylar. 

Bäşinji möwsümiň dowamynda "Dostluk üçin futbol" programmanyň Halkara çagalar pressa-merkezi işledi, ýaş žurnalistler öz ýurtlarynda programmanyň wakalaryny beýan edýärdiler - öňdebaryjy sport halkara köpçülikleýin informasiýa serişdeleri üçin täzelikleri we materiallary taýýarladylar, "Dostluk üçin futbol" Halkara TW-kanal üçin materiallary, gündeki çagalar gazetyny, programmanynyň resmi radiokanalyny we çagalar internet-çeşmelerini döretmekde gatnaşdylar. Materiallar 43 dilde taýýarlandy. “Dostluk üçin futbol” Halkara çagalar jemgyýetçilik programmasynyň jemleýji çärelerini bütin dünýäniň 2 müňden gowrak žurnalistleri beýan etdiler.

Çempionata we Maslahata taýýarlanşyň çäginde dünýäniň çagalary we ululary Sankt-Peterburgdaky sport-okuw ýygnanyşyklara gatnaşdylar. Olar üçin ýaş türgençileriň ýolbaşçylygyndaky türgenleşikler, dünýä futbol ýyldyzlarynyň master-klasslary, Dokuz gymmatlyklaryň mekdebiniň oýyn dersleri, Russiýanyň Olimpiada Komitetiniň ýolbaşçylarynyň we ilçileriniň çykyş etmegi bilen Olimpiada dersleri geçirildi.

"Dostluk üçin futbol" programmanyň ähli ýaş gatnaşyjylary adat boýunça futbol matça barýarlar. Düýn çagalar täze "Sankt-Peterburg" stadionynda geçirilen FIFA Konfederasiyalaryň Kubogynyň finalynda Çili we Germaniýanyň ýygyndy komandalaryny goldadylar. 

“Biziň döreden taslamamyzda ýaş futbolçylar esasy rolda çykyş edýärler. Biziň pikirimizi türgenleriň, žurnalistleriň we jemgyýetçilik guramalaryň köpüsi goldadylar. Bu ýyl “Dostluk üçin futbol” programma gatnaşan döwletleriň sany iň ýokary boldy, ýagny 64 sany. Bu dünýä çagalaryna deňlilige we parahatçylyga höwesliliklerini görkezmänä hem-de dostlulygyň ýaş wekilleri bolmana mümkinçilik berdi" - diýip, PAO "Gazprom" ýolbaşçylar Sowetiniň başlygy Wiktor Zubkow belläp geçdi.

"Biz FIFA we Futbol boýunça dünýä çempionaty 2018™ resmi hyzmatdaşy "Gazprom" kompaniýanyň unikal başlangyjyny goldamana şat". Bu maslahat gyz we oglanlara deň mümkinçiligi berýändigini görkezýän aýdyň mysal we şeýle başlangyçlary goldamak FIFA-nyň borjudyr", - diýip FIFA-nyň Baş Sekretary Fatma Samura aýdyp geçdi.

 

Maglumat

Halkara çagalar taslamasy "Dostluk üçin futbol" PAO "Gazprom" tarapyndan 2013 ýyldan bäri geçirilýär.

Taslamanyň maksady - çagalar futboly ösdürme, dünýäniň dürli medeniýetli we milletli çagalara hormat goýmaklygy we geçirimli garamaklygy terbiýelemek bolup durýar. Gatnaşyjylaryň goldaýan we öňe sürýän esasy gymmatlyklary - dostluk, deňlik, adalatlylyk, saglyk, parahatçylyk, wepalylyk, ýeňiş, däp-dessur we wyždan bolup durýar.

Taslamanyň esasy wakasy hökmünde "Dostluk üçin futbol" halkara çagalar maslahaty bolup durýar, oňa bütin dünýäden gelen ýaş futbolçylar ýygnanýar we köpçülikleýin informasiýa serişdeleriň wekilleri we meşhur futbolçylar bilen gymmatlyklary berjaý edilmegi babatda meseleler ara alyp gürrüň edilýär.

"Dostluk üçin futbol" taslamanyň ýörite baýragy - Dokuz gymmatlyklaryň kubogydyr. Bu täsin baýrak taslamanyň gymmatlyklaryny durmuşa geçirýän jemgyýetçilik başlangyçlary amala aşyrýan professional futbol klublaryň birine her ýyl berilýär. "Dostluk üçin futbola" gatnaşýan ähli ýurtlarda saýlaw arkaly taslamanyň ýaş wekilleri ýeňijini saýlaýarlar.

Her ýyl bütin dünýä boýunça taslama müňlerçe gatnaşyjylar goşulýar. Taslama başlan döwründen bäri onuň geografiýasy diýseň giňedi - 2013 ý. 8 ýurtdan 2017 ý. 64 ýurda çenli. Ýüzlerçe ýaş futbolçylar öz ýurtlarynda "Dostluk üçin futbol" hereketiň we onuň gymmatlyklarynyň wekilleri bolýar. "Dostluk üçin futbol" taslamanyň nyşanyny - Dostluk bilezigini - dünýä boýunça 400 müňden gowrak çagalar we ulular geýýär, şol sanda meşhur sportsmenler, žurnalistler, artistlar, syýasatçylar, dürli ýurtlaryň prezidentleri.

2017 ý. taslama gatnaşýan ýurtlar: Awstriýa, Azеrbaýjan, Alžir, Argеntina, Ermenistan, Bangladеş, Bеlarus, Bеlgiýa, Bolgariýa, Boliwiýa, Braziliýa, Wеlikobritaniýa, Wеngriýa, Wеnеsuela, Wýetnam, Gana, Gеrmaniýa, Grеsiýa, Daniýa, Ýegipеt, Hindistan, Irak, Iran, Islandiýa, Ispaniýa, Italiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Korеýa Respublikasy, Latwiýa, Liwiýa, Litwa, Makеdoniýa, Mеksika, Mozambik, Nidеrlandy, Norwеgiýa, Pakistan, Polşa, Portugaliýa, Russiýa, Rumyniýa, Sеrbiýa, Singapur, Slowakiýa, Slowеniýa, Siriýa, ABŞ, Täjigistan, Tanzaniýa, Türkmеnistan, Turkiýa, Ukraina, Urugwaý, Özbеgistan, Finlýandiýa, Fransiýa, Horwatiýa, Çеhiýa, Şwеýsariýa, Estoniýa, Günorta Afrika Respublikasy, Ýaponiýa.

Taslamanyň bäşinji möwsümi täze formatda geçdi. Futbol klublary dürli ýurtlara bölünmegine derek, ýaş futbolçylar sekiz sany halkara komanda ýygyndysyna - Dostluk komandalar ýygyndysyna birleşdirildi. Sekiz adamly komandalar gyzlardan we oglanlardan, şol sanda maýyplardan ybarat, 12 ýaşly çagalardan düzüldi. "Dostluk üçin futbol" taslamanyň halkara guramaçylyk komiteti futbolyň milli federasiýalary bilen bilelikde her ýurdyň wekilini saýladylar.

Yza

GLOBAL MEDIA PARTNER

GENERAL MEDIA PARTNER

SPECIAL LANGUAGE PARTNER

Local Media Partner 

This website uses cookies to enhance usage, for web analysis, advertising purposes and to integrate social media. You hereby give consent for this website or third-party suppliers to place cookies on your device. For more information please see our privacy policy