Login

usercockpit

"Gazpromyň" "Dostluk üçin futbol" halkara çagalar taslamasynyň bäşinji döwri başlandy

16.03.2017 ý. Gamburg, Germaniýa. Şu gün "Gazprom" - FIFA-nyň we 2018 futbol boýunça dünýä bäsleşigiň resmi hyzmatdaşy 26-njy iýundan 3-nji iýula çenli döwürde Sankt-Peterburgda (Russiýa) geşjek "Dostluk üçin futbol" halkara çagalar durmuş-hojalyk taslamasynyň bäşinji döwrüniň başlandygyny yglan etdi.

2017-nji ýylda taslamanyň geografiýasy ep-esli giňedi: gatnaşyjy ýurtlaryň sany 32-den 64 çenli bolup, iki esse köpeldi. "Dostluk üçin futbol" taslamasyna ilkinji gezek Meksikanyň we ABŞ-nyň çagalary hem gatnaşar. Şeýlelikde, taslama ýer şaryň dört kontinenti Afrikanyň, Ýewroaziýanyň, Demirgazyk Amerikanyň we Günorta Amerikanyň ýaş futbolçylaryny birleşdirdi.

Bäşinji döwür täze formatda geçer. Dürli ýurtlaryň futbol klublarynyň wekilleri bolan toparlaryň ýerine, ýaş futbolçylar Dostluk ýygyndylarynda - 8 sany internasional ýygyndylarda jemlenerler.

Şu gün açyk bijäniň barşynda ýygyndylaryň ýurtlar boýunça düzümi, şeýle hem gatnaşyjy döwletleriň wekilleri üçin oýun pozisiýalary kesgitlenildi. Oýunçylaryň şahsy saýlanyp alynmasy "Dostluk estafetasynyň" çäklerinde geçiriler. "Dostluk üçin futbol" taslamasynyň Halkara guramaçylyk komiteti milli futbol federasiýalar bilen bilelikde, 2017-nji ýylda öz döwletleriniň wekili bolup çykyş etjek ýaş futbolçylary saýlarlar. Sekiz adamdan ybarat bolan toparlar aralarynda mümkinçilikleri çäklendirilen çagalar hem bolan 12-14 ýaşly oglanjyklardan we gyzjagazlardan düzüler.

Bije internet-maslahaty düzgünde geçirildi. Dabara Dostluk ýygyndylaryň ýaş türgençileri gatnaşdy: Mihail Babiç (16 ýaş, Russiýa), Rene Lampert (15 ýaş, Sloweniýa), Stefan Maksimowiç (15 ýaş, Serbiýa), Felipe Soares (17 ýaş, Portugaliýa), Çarli Sui (12 ýaş, Hytaý), Elwira Hertsog (16 ýaş, Şweýsariýa), Igor Hritsýuk (14 ýaş, Ukraina) we Brendon Şabani (15 ýaş, Beýik Britaniýa), şeýle hem taslamanyň Halkara metbugat-merkeziniň wekili Liliýa Matsumoto (15 ýaş, Ýaponiýa).

 FK "Mariboryň" ýaşlar düzüminiň esasy oýunçysy Rene Lampert: - "Men 2016-njy ýylyň möwsümine oýunçy hökmünde gatnaşdym. Taslamanyň bir bölegi bolmak - taslamanyň her bir ýaş ilçisi üçin täze mümkinçilikleri açýan uly şowlulyk diýip hasap edýärin. Eger men 12 ýaşymda bolsadym, täze möwsümiň gatnaşyjysy bolup, beýleki çagalar bilen futbol meýdançasynda top oýnamak üçin elimde baryny ederdim!" - diýdi.

25-nji aprelde Futbolyň we Dostlugyň halkara gününi bellemegiň dabarasynyň çäklerinde, maksatnamanyň gatnaşyjylaryna on müňlerçe çagalar we ulular goşular. Olaryň her biri taslamanyň resmi nyşany bolan, deňligi we sagdyn ýaşaýyş usulyny alamatlandyrýan gök we ýaşyl reňkli iki sany sapakdan ybarat Dostluk bilezigini daňynar.

1-njy iýulda Sankt-Peterburg şäherinde Dostluk üçin futbol boýunça Halkara bäsleşik geçirilip, onuň çäklerinde, dürli miletlerden bolan, dürli jynsly we fiziki mümkinçilikli ýaş oýunçylardan ybarat bolan toparlar meýdança çykar.

2-nji iýulda Bäşinji "Dostluk üçin futbol" halkara forumy geçirilip, onda çagalar meşhur futbolçylar we žurnalistler bilen bilelikde, taslamanyň gymmatlyklaryny dürli ýurtlarda öňe sürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

"Dostluk üçin futbol" taslamsy Foruma gatnaşyjylaryň "Sankt-Peterburg Arena" stadionynda geçiriljek Konfederasiýalaryň Kubogy-2017 final oýnuna gatnaşmaklary bilen tamamlanar.

Däp bolup gelişi ýaly, möwsümiň dowamynda Halkara çagalar metbugat-merkezi işlär. Ýaş žurnalistler uly habarçylar bilen bir hatarda ähli esasy çärelere gatnaşarlar.

“Gazprom” APJ-niň müdirliginiň Başlygy Alekseý Miller öz sözünde: - "Dostluk üçin futbol" taslama ýüreklerinde täsir tapýan adamlaryň sany bütin dünýä boýunça barha artýar. Bu ýyl Sankt-Peterburg şäherinde bir wagtyň özünde dört sany kontinentiň ýaş futbolçylary duşuşar. Gyzykly toparlaýyn oýun we diri aragatnaşyk aýratyn ýagdaý döredýär. Ol ýagdaý çagalara dostluk, deňlik we adalat ýaly, umumy adamzat gymmatlyklaryna akyl ýetirmekde ýardam edýär”, - diýip aýtdy. 

FIFA-nyň söwda boýunça müdiri Filipp Le Flok öz sözünde: - ““Gazpromyň” başlangyjy bütin dünýä çagalaryny eşitmäge mümkinçilik berýär. Biz 100 göterimlik derejede “Dostluk üçin futbol” taslamasynyň maksatlaryny we esasy gymmatlyklaryny goldaýarys. Maksatnamanyň guramaçylyk komiteti tarapyndan Futbol boýunça dünýä bäsleşigi FIFA 2018 çenli amala aşyryljak ähli başlangyçlara ýardam etmegimiz bizi örän begendirýär”, - diýdi.

Maglumat

"Dostluk üçin futbol" halkara çagalar durmuş-hojalyk taslamasy "Gazprom - çagalara" maksatnamasynyň çäklerinde "Gazprom" APJ tarapyndan durmuşa geçirilýär. Taslamanyň maksady - çagalar futboly ösdürme, başga dünýägaraýyşlara sabyrlylygy we dürli ýurtlaryň çagalarynda dürli medeniýetlere we milletlere hormat goýmaklygy terbiýelemek bolup durýar. Dostluk, deňlik, adalat, saglyk, parahatçylyk, wepalylyk, ýeňiş, däp-dessur we wyždan gatnaşyjylaryň goldaýan we öňe sürýän esasy gymmatlyklary bolup durýar.

"Dostluk üçin futbol" halkara çagalar forumy taslamanyň esasy wakasy bolup, onda bütin dünýäden ýaş futbolçylar ýygnanyp, HBS-iň wekilleri we meşhur futbolçylar bilen gymmatlyklaryň bütin dünýäde berjaý edilmegi babatdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.

"Dostluk üçin futbol" taslamasynyň ýörite baýragy - Dokuz gymmatlyklaryň kubogy. Bu baýrak täsin olja bolup, taslamanyň gymmatlyklaryny durmuşa geçirýän durmuş-hojalyk başlangyçlary amala aşyrýanlygy üçin futbol klublaryň birine berilýär. Ýeňiji "Dostluk üçin futbol" taslamasyna gatnaşýan ähli ýurtlarda geçirilýän ses berme arkaly taslamanyň ýaş ilçileri tarapyndan saýlanýar.

Her ýyl bütin dünýä boýunça taslama müňlerçe gatnaşyjylar goşulýar. Taslamanyň amala aşyrylmagynyň dowamynda onuň geografiýasy ep-esli giňedi - döwletleriň sany 2013-nji ýylda 8-den 2017-nji ýylda 64 bardy. Ýüzlerçe ýaş futbolçylar öz ýurtlarynda "Dostluk üçin futbol" hereketiň we onuň gymmatlyklarynyň ilçileri bolýar. "Dostluk üçin futbol" taslamasynyň nyşany - Dostlyk bilezigi - bütin dünýä boýunça 400 müňden gowrak adam, şol sanda, dürli ýurtlardan bolan çagalar, ulular, meşhur türgenler we žurnalistler, artistler, syýasatçylar we prezidentler dakynýar.

2017-nji ýylda taslama gatnaşýan ýurtlar: Awstriýa, Azerbaýjan, Alžir, Argentina, Ermenistan, Bangladeş, Belarussiýa, Belgiýa, Bolgariýa, Boliwiýa, Braziliýa, Beýik Britaniýa, Wengriýa, Wenesuela, Wýetnam, Gana, Germaniýa, Gresiýa, Daniýa, Müsür, Hindistan, Yrak, Eýran, Islandiýa, Ispaniýa, Italiýa, Gazagstan, Gyrgyzstan, Hytaý, Koreýa, Latwiýa, Liwiýa, Litwa, Makedoniýa, Meksika, Mozambik, Niderlandlar, Norwegiýa, Päkistan, Polşa, Portugalýa, Russiýa, Rumyniýa, Serbiýa, Singapur, Slowakiýa, Sloweniýa, Siriýa, ABŞ, Täjigstan, Tanzaniýa, Türkmenistan, Türkiýe, Ukraina, Urugwaý, Özbegstan, Finlýandiýa, Fransiýa, Horwatiýa, Çehiýa, Şweýsariýa, Estonýa, Ýaponiýa, GAR.

 

"Gazprom" - global energiýa kompaniýasy. Amala aşyrýan işleriniň esasy ugurlary - geologik agtarma, gazy, gaz kondensaty we nebiti gazyp çykarma, daşama, saklama we gaýtadan işläp satma (şol sanda motor ýangyjy görnüşde), şeýle hem ýylylyk we elektrik energiýasyny öndürme we satma. Kompaniýa Russiýanyň çäklerinde, Afrikanyň, Ýakyn Gündogaryň, Ýewropanyň, Latin Amerikanyň, Orta, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlarynda işleýär.

"Gazprom" tebigy gazyň gory we ony gazyp çykarmagyň möçberi boýunça dünýäniň iň iri kompaniýasy bolup durýar, kompaniýa russiýa sarp edijileri we dünýäniň 30-dan gowrak ýurtlaryny gaz bilen üpjün edýär. "Gazprom" Russiýanyň nebiti öndürijileriniň öňde baryjy dörtlügine girýär, ýylylyk elektroenergetikada gurnalan kuwwatyň möçberi boýunça Russiýada birinji oruny eýeleýär, şeýle hem ýylylyk energiýany öndürmek boýunça dünýäniň öňde baryjy kompaniýasy bolup durýar.

Öndürijilik işlerini işjeň ösdürmek bilen bir hatarda "Gazprom" durmuş-hojalyk taslamalaryna hem ullakan üns berýär. Kompaniýahalkarawebütinrussiýamöçberindäkiköpsanlysportguramalarynawe çäreleregoldawberýär.

Yza

GLOBAL MEDIA PARTNER

GENERAL MEDIA PARTNER

SPECIAL LANGUAGE PARTNER

Local Media Partner 

This website uses cookies to enhance usage, for web analysis, advertising purposes and to integrate social media. You hereby give consent for this website or third-party suppliers to place cookies on your device. For more information please see our privacy policy