Login

usercockpit

Esasy adamzat gymmatlyklaryna wepalylyk bütin dünýä boýunça onlarça müň adamy birleşdirdi

25.04.2017. Şu gün Ýewropada, Aziýada, Afrikada, Demirgazyk we Günorta Amerikada parahatçylyk, dostluk, deňlik we sagdyn ýaşaýyş usuly ýaly gymmatlyklary ösdürýän we Bütindünýä futbol we dostlugyň gününe gabatlap geçirilýän çäreler başlandy. Onlarça müň çagalar we ulylar dostluk oýunlara, açyk türgenleşiklere, fleşmoblara, telemarafonlara we sport bayramçylyklara gatnaşýar. Bütin dünýä boýunça gatnaşyjylary meşhur futbolçylar, türgençiler, telewideniýe alyp baryjylary we artistler goldaýar.

ilkinji gezek Futbol we dostlugyň güni 2014-nji ýylda “Gazprom” APJ-niň “Dostluk üçin futbol” halkara çagalar durmuş-hojalyk maksatnamasynyň ýaş ilçileri tarapyndan, FIFA-nyň we UEFA-nyň goldamaklary bilen, yglan edildi. Bu gün deňlik, başga medeniýetleri sylap, parahat ýaşamak ýaly wajyp umumy adamzat gymmatlyklary bilen razylaşýan her kes eline gök-ýaşyl dostluk bilezigi dakynýar. Bilezigiň gök sapagy parahat asmany alamatlandyrýar, ýaşyl bolsa, her kese elýeterli bolan, futbol meýdançany.

Şu ýyl dostluk bilezigi Argentinada alyp baryjy TW prodýuseri Hýugo Tinelli, Hytaýda habarlar agentligiň baş redaktory Ksýy Li, Olimpiada oýunlaryň üç gezek ýeňijisi gresiýaly Dimos Piros, serbiýaly meşhur türgençi Miodrag Božewiç, FIFA-nyň ýokary derejeli emini Niderlandlardan bolan Kewin Blum dagylar hem dakynyp başlady.

Çärelere meshhur futbolçylar, şol sanda serbiýaly goragçy Branislaw Iwanowiç, Zenit (Sankt-Peterburg) futbol klubyndan bolan russiýaly derwezeçi Ýuriý Ladygin, Feýenord (Rotterdam, Niderlandlar) futbol klubyndan bolan gollandiýaly hüjümçi Dirk Kuýt dagylar hem gatnaşdy.

“Bu günüň bütin dünýäde ähli adamlaryň deňlik we birek-birege hormat goýmak esaslaryna eýerýändiklerini görkezmegi we subut etmegi gerek bolan pursata gabat gelýänligi örän möhüm zat. “Dostluk üçin futbol” şol mümkinçiligi berip, ýaş nesil arkaly adamlara, olaryň jynsyna, ýaşyna we fiziki mümkinçiliklerine garamazdan, parahatçylyga we dostluga öwredýär. Päkistanyň Futbol Federasiýasy bu maksatnama lokal operatory hökmünde çagyrylanlygyna men örän şat. Finaly, haçan hem bolsa, bizde geçirip, bütin dünýäniň çagalaryny Päkistana çagyrarys diýip umyt edýärin” – diýip, Fahad Han öz duýgylary bilen paýlaşdy, Päkistanyň Futbol Federasiýasy.

Maglumat

Bütindünýä futbol we dostluk güni dünýäniň 60-dan gowrak dowletinde, şol sanda, Russiýada, ABŞ-da, Braziliýada, Hindistanda, Hytaýda, Germaniýada, Fransiýada, Alžirda, Siriýada, Yrakda, Ýaponiýada we başga ýurtlarda bellenýär. Baýramçylyk çärelerine 400 müňden gowrak adam gatnaşdy. Dürli ýyllarda Bütindünýä futbol we dostluk güni ýüzlerçe futbolçy, şol sanda, dünýä futbolynda rowaýat bolan Frans Bekkenbauer (Germaniýa), Afrika yklymynyň taryhynda iň güýçli hüjümçileriň biri Didýe Drogba (Kot dIwuar), Madridiň Real klubynyň meşhur goragçysy Miçel Solgado (Ispaniýa), Londonyň Arsenal klubynyň eks-futbolçysy Andreý Arşawin (Russiýa), milli ýygyndynyň öňki kapitany Witor Baýa (Portugaliýa) we futbol dünýäsiniň başga ýyldyzlary tarapyndan goldaw tapdy.

“Dostluk üçin futbol” halkara çagalar durmuş-hojalyk taslamasy “Gazprom” APJ tarapyndan 2013-nji ýyldan bäri amala aşyrylýar. Taslama dürli milletlerden bolan, dürli jynsly we dürli fiziki mümkinçilikleri bolan çagalary birleşdirýär. Dostluk, parahatçylyk we deňlik – “Dostluk üçin futbolyň” gatnaşyjylary tarapyndan öňe sürülip ösdürilýän esasy gymmatlyklar. Taslamanyň maksady – çagalar futboly osdürme, dürli ýurtlardan bolan çagalarda başga dünýägaraýyşlar babatynda sabyrlylygy we dürli medeniýetlere hormat goýmagy terbiýeleme. Gatnaşyjylaryň goldaýan we ösdürýän esasy gymmatlyklary – dostluk, deňlik, adalat, saglyk, parahatçylyk, wepalylyk, ýeňiş, däp-dessur we wyždan.

Yza

GLOBAL MEDIA PARTNER

GENERAL MEDIA PARTNER

SPECIAL LANGUAGE PARTNER

Local Media Partner 

This website uses cookies to enhance usage, for web analysis, advertising purposes and to integrate social media. You hereby give consent for this website or third-party suppliers to place cookies on your device. For more information please see our privacy policy