Login

usercockpit

"Dokuz gymmatlyklaryň" kubogy 

"Dokuz gymmatlyklaryň" kubogy - bu her ýyl Halkara çaga gurultaýynda professional futbol klublaryň birine berilýän "Dostluk üçin futbol" maksatnamasynyň ýörite baýragydyr.

"Dokuz gymmatlyklaryň" kubogy "Dostluk üçin futbol" maksatnamasynyň dostluk, deňlik, adalat, saglyk, parahatçylyk, wepalylyk, ýeňiş, däp-dessur dostluk, deňlik, adalat, saglyk, parahatçylyk, wepalylyk, ýeňiş, däp-dessur we wyždandyr. 

"Dokuz gymmatlyklaryň" kubogyna mynasyp bolan futbol kluby üç tapgyr arkaly saýlanylýar: "Dokuz gymmatlyklaryň" kubogyny almak üçin gerek häsiýetlere eýe bolan dünýäniň islendik futbol klubyna halkara ses berme, finala çykanlaryň sanawyny düzme, "Dostluk üçin futbol" maksatnamasynyň gymmatlyklaryny öňe sürýän ýaş ilçiler hökmünde çykyş edýän gatnaşyjylar tarapyndan ýeňijini saýlama. Maksatnamanyň ähli gatnaşyjylary, olaryň pikirine görä, diňe bir sportda däl, eýsem durmuş-hojalyk başlangyçlary durmuşa geçirmekde hem has uly gazananlara eýe bolan kluba ses berýärler. 

Ol klub - diňe bir ýönekeý futbol topary bolman, ýaş futbolçylaryň şoňa eýermegi isleýän nusga bolup durýar. Esasan çagalar ulalanda olardan görelde almagy isleýän ululary saýlaýarlar. Çagalaryň haýyr işler barada düşünjesini görkezýän bu baýrak, professional futbol klublara, mundan beýläk hem, adamlara kömek etmek üçin niýetlenen durmuş-hojalyk başlangyçlary durmuşa geçirmekde ýardam edip, olary bu işde ruhlandyrýar.

"Dokuz gymmatlyklaryň" kubogy 2015-nji ýylda meşhur nemes heýkeltaraşy Akim Ripperger tarapyndan ilkinji gezek "Dostluk üçin futbol" maksatnamasy üçin ýeke-täk nusgada taýýarlandy. 

Kubok sungatyň ajaýyp eseri bolup durýar. Elinde futbol topuň şekilindäki ýer şary saklap duran ýaş futbolçynyň heýkeli ösüp gelýän nesiliň elindäki, ol nesiliň oňa ynamy bolan we ony öňe sürýän gelejegi alamatlandyrýar.

"Dokuz gymmatlyklaryň" birinji kubogy Üçünji "Dostluk üçin futbol" halkara çagalar gurultaýynyň çäklerinde "Barselona" futbol klubyna gowşuryldy. Bu klub üçin ses beren çagalar, klubyň çagalar futboly ösdürmekde we oňa ýardam etmekde, şeýle hem ösýän ýurtlardaky ýaş futbolçylara kömek etmekde amala aşyrýan başlangyçlaryny bellediler. "Dostluk üçin futbol" halkara çagalar gurultaýynyň ýaş gatnaşyjylary baýragy FK "Barselonanyň" Wise-prezidenti Ramon Ponta gowşurdylar.

2016-njy ýylda Akim Ripperger, Milanda geçen Dördünji "Dostluk üçin futbol" halkara çagalar gurultaýynda FK "Bawariýa" gowşurylan ýene bir "Dokuz gymmatlyklaryň" kubogyny taýýarlady. Baýragy klubyň hormatly prezidenti Frans Bekkenbauer kabul etdi.

2016-njy ýylda "Dostluk üçin futbol" halkara çagalar maksatnamasynyň dördünji döwrüniň çäklerinde "AL-WAHDA" topary hem "Dokuz gymmatlyklaryň" kubogynyň eýesi boldy. Kubogy gowşurma dabarasy Siriýanyň paýtagty Damaskda açyk ýagdaýda geçirilen "Üç gün urşsyz" dokumental filmiň öňgörmesinde geçirildi. "AL-WAHDA" futbol klubyna baýrak "Dostluk üçin futbol" maksatnamasynyň gymmatlyklaryna wepalylygy we ýeňişe bolan hyjuwy üçin berildi.

2017-nji ýylda ýaş ambassadorlar "Dokuz gymmatlyklaryň" kubogyň ugrundaky ýaryşyň üç sany finalçysyny saýlarlar. Ýňiji 2-nji iýulda Sankt-Peterburgda geçiriljek Bäşinji halkara çagalar gurultaýynda yglan ediler. 

GLOBAL MEDIA PARTNER

GENERAL MEDIA PARTNER

SPECIAL LANGUAGE PARTNER

Local Media Partner 

This website uses cookies to enhance usage, for web analysis, advertising purposes and to integrate social media. You hereby give consent for this website or third-party suppliers to place cookies on your device. For more information please see our privacy policy