Login

usercockpit

,Gatnaşyjylar “Dostluk üçin futbol” taslamasy hakynda

““Dostluk üçin futbol” çagalar üçin ajaýyp başlangyçdyr. Köplenç halatda, adamlar biziň ukyplarymyza kembaha garaýarlar, emma biz köp türgenleşýäris we iň gowy oýunçylar bolup, öz ýurtlarymyzy mynasyp derejede görkezmäge çalyşýarys. Biziň saýlanmagymyza buýsanmak bilen, ýurtlarynyň gowusy bolan ýaşytlarym bilen duşuşyga örän sabyrsyzlyk bilen garaşyp, Alžira ýeňiş bilen gaýdyp barmagymy umyt edýärin”.

Lotfi Majer, 14 ýaş, Alžir, Alžir

Alžir, 2016


“Şunuň ýaly möhüm bäsleşikde “Bokanyň” wekili bolmak – her bir futbolçy üçin abraýdyr. Dünýäniň ähli künjeklerinden bolan täze dostlar bilen tanyşmak aýratyn bir tejribe bolar”.

Aleksis Gonzales, 14 ýaş, Buenos-Aýres, Argentina

Argentina, 2016


“Ýaşdaşlarym bilen tanyşyp, olar bilen futbol meýdançasynda bäsleşmäge mümkinçiligimiň barlygy üçin men özümi bagtly hasap edýärin. Men ulalan wagtym, milli ýygyndylar bäsleşende, olar bilen duşuşyp, biz bilelikde “Dostluk üçin futbol” bäsleşigi ýatlarys”.

Ruben Martirosýan, 14 ýaş, Ýerewan, Ermenistan

Ermenistan, 2016


““Dostluk üçin futbol” taslamasy – meşhur adamlar bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Biz bilen Foruma, global ilçi hökmünde, gatnaşjak Frans Bekkenbauer ýaly, atly futbol ýyldyzyny görjekdigime men örän şatlanýaryn, üstesine-de, ony diňe bir görmek däl, onuň bilen gürrüňdeş bolmaklyga hem mümkinçiligimiz bolar!”

Andreý Potapenko, 14 ýaş, Borisow, Belorussiýa

Lissabon, 2014-nji ýylyň 23-nji maýy


“Sapar çagalar üçin örän netijeli geçdi: olar başga medeniýetler bilen tanyşyp, futboluň, ilki bilen, onda elmydama ýeňiş gazanmak hökmany bolmadyk oýundygyna göz ýetirdiler. Meýdançada seniň bilen duşuşýan adamlary elmydama hormatlamak has möhümdir”.

Elin Topuzakow, türgençi, Sofiýa, Bolgariýa

Lissabon, 2014-nji ýylyň 24-nji maýy


“FK “Fluminense” öz türgenleriniň türgenleşiklerinde dünýäde iň öňde baryjy bolan usullaryň birini ulanýar: tälime kompleksleýin çemeleşme, sebäbi, adam näçe gowy bolsa, şol derejede hem gowy oýunçy bolup biljekdigine ynamy bar. “Dostluk üçin futbol” taslamanyň gymmatlyklary FK “Fluminenseniň” gymmatlyklary bilen gabat gelýär, bu ýagdaý bolsa, hem sport üçin hem bütin dünýä çagalary üçin örän möhüm bolan bäsleşikde Braziliýanyň wekili bolmak abraýyna abraý goşar”.

Tiago Maçedo, türgençi, FK “Fluminense”, Rio-de-Žaneýro, Braziliýa

Braziliýa, 2016


“Men indi 10 ýyldan bäri futbol oýnaýaryn. Men goragçy, has dogrusy, merkezi goragçy bolup, professional futbolçy bolmagy we Gresiýanyň ýygyndy toparynda oýnamagy, UÝFA-nyň çempionlar ligasynda ýeňiş gazanmagy hem arzuw edýärin. Şu gün meniň bu ýerde bolmagym sebäpli özümi örän bagtly duýaryn. Meniň pikirimçe, iň möhümi – täze dost tapynmakdyr, sebäbi, futbol meniň üçin dostlugy, doganlygy we saglygy aňladýar”.

Antonis Oýkonomopulos, 15 ýaş, Afinler, Gresiýa

London, 2013-nji ýylyň 25-nji maýy


“Men özümi örän gowy duýaryn, sebäbi, indi men erudisiýanyň we zähmetsöýerligiň rähnetini görüp bolýanlygyna göz ýetirdim. Üstünlik meniň iňlis dilinde gowy ýazyp we gürläp bilýänligime bolan ynamymy artdyrdy. Sporta bolan höwesi ösdürmekde öz goşandymy goşup biljekligim sebäpli özümi örän bagtly duýaryn. Ähli Ýewropadan bolan ýaşdaşlarym bilen tanyşyp, täze dostlar tapynyp, Forumdan soň hem olar bilen gatnaşaryn diýip umyt edýärin”.

Ana Zabek, 14 ýaş, Sepin, Horwatiýa

Lissabon, 2014-nji ýylyň 23-nji maýy


“Bu günler ýatdan çykmajak dynç alyş günleri boldy. Biz ajaýyp şäherde we ajaýyp adamlar bilen wagtymyzy örän gowy geçirdik. Bu ajaýyp şäherde men, soňra dostlarym bolan, täsin adamlara duşdum, olar bilen bilelikde gyzykly oýuna tomaşa etdik we reportýor bolmak maňa örän ýarady, sebäbi, bu biçak gyzykly iş. Men ýene-de bir gezek şuňa meňzeş wakany başymdan geçirerin diýip umyt edýärin”.

Walentin Peýz, 13 ýaş, Tawerni, Fransiýa

Lissabon, 2014-nji ýylyň 24-nji maýy


“Meň ýurdumda futbol däpleri bek saklanýar. Ulalamda halkara derejede ýurdum üçin oýnasym gelýär. Şu wagt bolsa, şunça ýurtdan bolan çagalary birleşdirýän “Dostluk üçin futbol” halakara taslamasynda Germaniýanyň wekili bolup, çykyş edýänligime men örän buýsanýaryn”.

Robin Fleýk, 13 ýaş, Gelzenkirhen, Germaniýa

Lissabon, 2014-nji ýylyň 24-nji maýy


“Dürli ýurtlardan bolan çagalar bilen duşuşmak örän oňat boldy, biziň toparymyzdakylar hem biri birini has gowy tanamaga mümkinçilik tapdylar. Biz hiç haçan-hiç haçan bu günleri ýatdan çykarmarys we indiki ýyl “Dostluk üçin futbol” taslamasynyň başga gatnaşyjylary bilen hem futbol oýnarys diýip umyt edýärin!”

Marsel Kowaç, 12 ýaş, Budapeşt, Wengriýa

London, 2013-nji ýylyň 25-nji maýy


“Biziň ýurdumyzda futbol örän meşhur. Italýan klublaryň we oýunçylaryň köpüsi uly üstünlikler gazandylar. Bu ýagadaýyň sebäbi millionlarça adamlaryň bu oýuna wepaly bolanlygydyr diýip pikir edýärin. Bu ýyl biziň toparymyzyň “Dostluk üçin futbol” taslamasyna gatnaşýanlygy üçin we edil biz ýaly futboly gowy görýän dürli ýurtlardan bolan çagalar bilen duşuşmaga mümkinçiligimiziň barlygy üçin men özümi bagtly hasap edýärin!”

Dawid Palýa, 14 ýaş, Rim, Italiýa

Lissabon, 2014-nji ýylyň 24-nji maýy


“Biziň klubumyza “Dostluk üçin futbol” durmuş-hojalyk maksatnamasyna gatnaşyp, çagalary maksatnamanyň deňlik, dostluk, adalat, parahatçylyk we başgalar ýaly esasy gymmatlyklary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berenligi üçin men “Gazprom” kompaniýasyna çuňňur minnetdar”.

Oleg Holkowskiý, FK “Dordoý” ýaşlar toparynyň türgençisi, Bişkek, Gyrgyzstan

Gyrgyzstan, 2016


“Sport ussatlygyň we başga medeniýetlere we milletlere hormat goýmagyň uly ähmiýeti bardyr diýip pikir edýärin. Meniň üçin adamyň derisiniň haýsy reňk bolanlygy ýa-da onuň haýsy dyna ynanýanlygy möhüm däl. Alçak bolanlygym üçin we adamlara kömek etmegi gowy görýänligim üçin meni “Dostluk üçin futbol” taslamasynyň gatnaşyjysy hökmünde saýladylar”.

Tessa Hrashaus, 13 ýaş, Alkmar, Niderlandlar

Lissabon, 2014-nji ýylyň 24-nji maýy


“Biziň toparymyz üçin “Gazprom” kompaniýasynyň “Dostluk üçin futbol” halkara durmuş-hojalyk taslamasyna gatnaşmaga mümkinçilik döränligi sebäpli biz örän şatlanýarys. Biziň çagalarymyz başga ýurtlardan bolan ýaşdaşlary bilen duşuşyp, öz tejribesini paýlaşmak üçin ajaýyp mümkinçilik tapdylar”.

Adam Kuharçyk, türgençi, Warşawa, Polşa

Lissabon, 2014-nji ýylyň 24-nji maýy


““Dostluk üçin futbol” forumyň dowamynda diňe bir başga ýurtlardan gelen ýaşdaşlarymyz bilen gatnaşykda bolman, hakyky bäsleşige gatnaşýanlygymyz hem gowy zat. Futbol meýdançasynda 16 ýurtdan bolan toparlar bilen duşuşjakdygyma men şeýle bir begenýärin!”

Filipe Suares, 13 ýaş, Lissabon, Portugaliýa

Lissabon, 2014-nji ýylyň 24-nji maýy


““Dostluk üçin futbol” forumy dünýäni görmäge, UÝFA-nyň çempionlar ligasynyň finalynda bolmaga we galyberse-de, hakyky professional oýunçylaryň oýunyndan lezzet almaga mümkinçilik berýär. Bu örän gowy! Umuman, taslama dürli şäherlerden we ýurtlardan bolan çagalara dostlaşmaga ýardam edýär. “Dostluk üçin futbol” meniň durmuşymy üýtgetdi. Özüm babatda men ählisiniň kararyny çykardym: futbol meniň üçin – ýönekeý güýmenje däl, ähli zat şoňa görä gurulýar”.

Stanislaw Kutliýarow, 14 ýaş, Ýekaterinburg, Russiýa

Lissabon, 2014-nji ýylyň 24-nji maýy


““Dostluk üçin futbol” foruma gatnaşyjylaryň köpüsi futboly professional derejede oýnaýar. Biziň ählimiz üstünlikli futbol derejesi barada arzuw edip, biziň üçin esasy zadyň saglykdygyna düşünýäris!”

Marko Ýankowiç, 13 ýaş, Belgrad, Serbiýa

Lissabon, 2014-nji ýylyň 24-nji maýy


“Parahatçylyk ýaly möhüm gymmatlyklary ykrar edýän “Dostluk üçin futbol” taslamasynyň gatnaşyjysy bolanlygym üçin men örän şat. Biz ýaş, ýöne adamlaryň ählisine we her birine täsir edýän zatlaryň bardygyna düşünýäris. Başga ýurtlardan bolan edil şonuň ýaly pikir edýän ýaşdaşlarymyz bilen duşuşyga biz sabyrsyzlyk bilen garaşýarys!”

Rok Frezer, 13 ýaş, Maribor, Sloweniýa

Lissabon, 2014-nji ýylyň 23-nji maýy


“Siriýa elmydama raýatlary durmuşy, parahatçylygy we futboly gowy görýän ýurt bolupdy. Bu biziň üçin hem, bolup geçýän global çäräniň ähli gatnaşyjylaryna futbol arkaly biziň parahatçylyga çagyryşymyzy ýetirmek üçin ajaýyp mümkinçilik bolup durýar. Biziň, başga dünýägaraýyşlar babatynda sabyrlylygy we parahat ýaşaşmany goldaýan, medeniýetimizi mynasyp ýagdaýda görkezip bileris diýip umyt edýäris. “Dostluk üçin futbol” maksatnamasyna çagyrylmadyk bolsak biziň bu islegimiz mümkin bolmazdy, munuň üçin biz çäksiz minnetdardyrys”.

Kuteýba Al-Refaý, FK AL-Wadanyň metbugat attaşesi, Damask, Siriýa

Siriýa, 2016


“Meniň oglum jogapkärçilige doly ýagdaýda düşünmek bilen, “Galatasaraý” futbol klubyň geýiminde Türkiýe döwletiniň baýdagyny göterip barýarka, meni buýsanç joşdurýardy. Biz size, şeýle hem meniň oglyma, maňa we biziň ähli maşgalamyza bular ýaly duýgulary başdan geçirmäge ýardam eden ähli adamlara öz mennetdarlygymyzy bildirýäris. Obeniň birinji aýdan zady: “Kaka, bu örän täsin boldy!” Başdan geçiren ähli duýgylarymyz üçin biz “Gazprom” kompaniýasyna, “Galatasaraý” futbol akademiýasyna we ýaşlar futbol toparynyň türgençilerine öz mennetdarlygymyzy bildirýäris”.

Deha Saraçoglu, Oben Saraçoglunyň (gatnaşyjy) kakasy, Stambul, Türkiýe

Stambul, 2014-nji ýylyň 12-nji iýuni


“Biz “Dostluk üçin futbol” taslamasynyň gatnaşyjylary bolup, Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinden bolan ýaşdaşlarymyz bilen duşuşmaga mümkinçiligimiz bolup, futboly biz ýaly gowy görýän we olar bilen aramyzda umumylygyň köp bolan täze dostlary gazanýanlygymyz üçin örän bagtyýardyrys!”

Ýewgeniý Arhipow, 13 ýaş, Kiýew, Ukraina

Lissabon, 2014-nji ýylyň 24-nji maýy


“Biz futbol oýnap, ýeňişiň bilelikdäki tagallalaryň netijesidigini bilýäris. Ähli oýunçylar meýdançada öz hemme güýjüni berip, şol bir wagtyň özünde, toparda we topar üçin oýnamalydyrlar. Bu ýeňmegiň ýeke-täk usulydyr. “Dostluk üçin futbol” hut şuny wagyz edýär, biz hem şol sebäpden şu ýerdediris”.

Lui Annesli, 14 ýaş, London, Beýik Britaniýa

Lissabon, 2014-nji ýylyň 24-nji maýy


“Biziň şunuň ýaly göwrümli maksatnamanyň bölegi bolanlygymyz üçin men örän tolgunýaryn. Wýetnamyň wekili bolup, bütin dünýäden bolan başga ýaşlar toparlaryň hataryna goşulmagy özümiz üçin abraý diýip hasap edýäris. Wýetnam ýaşlar futboly dünýä futbolyň derejesine golaýlatmak umydy bilen, geçjek bäsleşige taýýarlykly gatnaşmak üçin men we meniň topar boýunça dostlarym yhlas bilen türgenleşýäris. Golaý gelejekde hemmeler wýetnam futboly has gowy tanarlar diýip, we biziň üçin şunuň ýaly halkara dostluk oýunlara gatnaşmaga has köp mümkinçilik dörär diýip, biziň ählimiz umyt edýäris”.

Nguen Na Min, 13 ýaş, Pleýku, Wýetnam

Wýetnam, 2016

GLOBAL MEDIA PARTNER

GENERAL MEDIA PARTNER

SPECIAL LANGUAGE PARTNER

Local Media Partner 

This website uses cookies to enhance usage, for web analysis, advertising purposes and to integrate social media. You hereby give consent for this website or third-party suppliers to place cookies on your device. For more information please see our privacy policy